Düşünişmezlik
Men onuň goşgusyn haladym, öwdüm.
Ol diýdi: “Unutman ýagşylygyňy.”
Soň bir goşgusyny boş gördüm, döwdüm.
Ol diýdi: “Unutman ýamanlygyňy.”
“Ow, bu ýere nirden geldi ýagşylyk,
Ýa ýamanlyk? Gürrüň goşgy barada.”
Ol elin salgady, çykdy-da gitdi,
Aňka-taňka bolup galdym arada...
()