Dentistiň aladasy

Biri salam aýtdy diýdiler o gün,
Ömür garaşmaýan adamym, walla.
Saglygymy dileýärmiş her gezek
Ýadyna düşemde, sygynyp alla.

Geň gördüm, sebäbi şu wagta çenli
Dentistlerden başga duşmandym meniň
Saglygymy beýle isleýän bendä,
Ýöne bu alada başgady, çenim.

Arada birine barmaly boldum,
Dişimde deşijek döränsoň çala.
O bende el-aýak ýapyşdy menden,
Gark bolanyň bakyşy deý sypala.

Gyzyl tapan ýaly, agzymy görüp,
Diýdi şeýle bir diş ýasaýyn saňa.
Wah, pulum ýok diýdim, öwretdi zaňňar
Pensiýa fondumdan çilmegi maňa.

Göreýin, bakaýyn, wagt ber diýsem,
Jany çykyp barýar gyssanyp, howlap,
Sebäp meň saglygym alada edýär,
Uzak ýaşatjakmyş dişimi gowlap...

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024