Güllerem geçmese arzanladýarlar

Güllerem geçmese arzanladýarlar,
Arzan satýarlar,
Käte ýarpy, käte has pes bahadan.
Men bolsam gül pikrim şol bir nyrhdan
Satjak bolup boldum üm bilmez nadan.

Güllerem geçmese arzanladýarlar,
Sebäbi gül alýan azalýar käte,
Onsoň kä gülleri zyňýarlar çöpe.
Men bolsam gül pikrim şol bir bahadan
Satjak bolup ýüzüm saraltdym köpe.

Güllerem geçmese arzanladýarlar,
Gowy gülüň nyrhy pes bolýar käte,
Ýa-da güle eli ýetmeýär iliň.
Men bolsam alynman könelen pikrim
Satjak bolup bökdüm içine siliň...

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019