Ötegçiniň oýlanmasy

Käte diýýäň her büdürän kesegiň
Eglip alyp, gyra zyňmak mümkin däl.
Ýagyş ýagar, tupan turar, ýel öser,
Ýuwar barar ýolun durmuş diýen käl.

Käte diýýäň her büdürän agajyň,
Gahar edip, oda berip çykmarsyň.
Wagty gelse pyçgylarlar, çaparlar,
Agzyn ýaglap ajal atly ýolbarsyň.

Diýýäň, ýöne haçana çen kesege,
Ýa çüýrük agaja büdüräp gezjek?
Soň özüňi köşeşdirýäň, “Gar, ýagyş
galan däldir indi köp meni ezjek...”

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024