Namartlyk
Ýene düýşde Köpetdaga dyrmaşdym.
Ozalam bolupdy şeýle ahwalat.
Ýene daşdan, agaçlardan ýapyşdym,
Ýene-de gygyrdym: “Galat, sen, galat!”
Köpetdag bu sözi alyp göterdi,
Gaýtalady ýaňlandyryp çar ýany.
Ýene diýdim şeýdip aýdan sözüme,
Bir adam bir ýaksa, agyrtsa jany.
Soňra dagdan düşdüm, aşakda çeşme
Akyp ýatyr şol öňki deý şildiräp.
Aýagymy sokup oturdym suwa,
Gözüm ýumsam akyp gitjekdim eräp...
“Sen gitmeli!” diýip, duýdurdy biri.
“Ýok, gitjek däl” diýip gygyrdym başda.
Soň ýene baş alyp gaçdym watandan,
Hamala dirilik bar ýaly daşda...
()