Bilmedige aýdylmaz
Bilmedige aýdylmaz,
bilseň, bilene aýdylar,
bilmejege jan çekilmez, ýanylmaz,
belli zat dälmi bular?
Aňmadyga aňladylmaz, diýilmez,
görkezilmez barmak bilen bilmänin.
Bilen biler aýtmasaňam hetjikläp,
bu jahana öý ýykmaga gelmänin.
Bilmedige aýdylmaz,
söz zaýalanmaz, bilseň.
Bilen dal daragty çapmaz boý alan,
kast etmez adama, dünýäni berseň,
bilmedik çapar, bilmejek çapar,
biljek bolsa, öňem aýdylan bardyr,
diýilen bardyr, ýazylan bardyr,
gözlär, agtarar, tapar.
Bilmedige aýdylmaz,
gylyçlyň öňünden çykylmaz sözli.
Görmejege barmak näme, diň näme,
adam depelemez ýüregi gözli.
Bilmejege aýdylmaz,
umyt edilmez ýalan,
aldadylmaz öz-özüň,
dag bolar diýip alaň...
()