Içdäki şahyr
Içiňde ýazyjy ýetişen bolsa,
ýazar seniň baş kitabyň, baş yşgyň.
Içiňdäki şahyr bişişen bolsa,
ýazar seniň baş eseriň, baş goşgyň.
Ýelli ýagyş ýaly, yraýan, urýan,
sowuk şarpyk bilen sagdan hem soldan.
Sen ol ýazyjyny basarsyň aşak,
hemem oňa berjek bolarsyň goldaw.
Gorajak bolarsyň nadanyň salan
keseginden, daşdan, ýeňseden gelen.
Ol dyzar, urunar, çykjak bor daşa,
sen ony saklarsyň iki el bilen.
Sebäbi, bilýärsiň, wagty, zamany,
pursaty gelmeli her kimiň ir-giç.
Sen garaş diýersiň içdäki yşga,
hem oňa başarsaň berjek borsuň güýç.
Onsoň, bir gün, ata ýaly gojalan,
ak pata berersiň içdäki gämä.
A ol açyk deňse atylyp gider,
sen galarsyň yzda, alajyň näme?..
()