Hat ýazýanlar

Biri ýazýar: “Bilmeýärsiň türkmençe,
pylan sözi ýalňyş ulanýaň, gülki!”
Başga biri diýýär: “Türkmençäň gudrat,
ol seniň ganyňda akýandyr, belki!”

Biri ýazýar: “Ýewropada azansyň,
haka dolan, galma ruhy gedaý!”
Başga biri diýýär: “Barma metjide,
dilde däl, ýürekde bolmaly hudaý!”

Biri ýazýar: “Dönük, ýurduny satan,
ömrüň ahyrna çen çekersiň ejir.”
Başga biri diýýär: “Nusga göreşiň,
menem seniň ýaly bolsadym kejir!”

Biri ýazýar: “Çöwjeýäne çöwjemän,
dymmaň näme gürlemeli ýerinde?”
Biri diýýär: “Her nadana deň bolma,
çekeräk dur bolşewigiň şerinden!”

Biri alkyş aýdýar, biri gargaýar,
“gyşyk” ädimleriň basyp gözüňe.
Birisi bir sözüň çekýär bir ýana,
başga biri el çarpýar şol sözüňe...

Biri diýýär: “Ideýam bar gyzykly,
galyň kitap bolar, bile ýazaly!”
Başga biri diýýär: “Uzak ýazýarsyň,
gysga bolsa, manyly bor gazalyň.”

Hatlar, atly, lakam bilen ýazylan,
kim-kimler bar arkasynda, aňyrda.
Her kes öz çygryna saljak başarsa,
bolmasa-da galjak yzdan hüňürdäp...

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024