Çapak-çapak, aksakgal!

Çapak-çapak, aksakgal,
çapak-çapak, ýaşuly!
Eliň agyrsa – saklan,
ýa sylasaň ýaşyňy!

“Altyn asyr” – açlykdan
aman galypsyň, dogry.
Ýöne seret, azmy, kän
biwagt öteniň gabry!

Belki, şondan ýaltanman
çarpýarsyň eliňi.
Gara gorky baglapdyr
gözüňi hem diliňi.

Çapak-çapak, aksakgal,
çapak-çapak, ýaşuly!
Eliň ýadasa – saklan,
ýa sylasaň ýaşyňy!

Okuw, bilim ýykyldy,
saglyk aşdy salgymdan,
gysylyp diş döküldi,
gözler doldy çylgymdan.

Neşe akdy sil bolup,
gark boldy nijeler.
Ärler işsiz, çäresiz,
ýer sermeýär ejeler.

Çapak-çapak, aksakgal,
çapak-çapak, ýaşuly!
Eliň agyrsa – saklan,
ýa sylasaň ýaşyňy!

Sakgal, telpek, don, çäkmen
bezegidi boýlaryň.
Indi olar sebäpmi
ýykylmagna öýleriň?..

Sakgally goja nire,
nire çapak-çapaklar?
(Bu gidişde telpekden
ozdurmazmy papaklar?)

Çapak-çapak, aksakgal,
çapak-çapak, ýaşuly!
Eliň agyrsa – saklan,
ýa sylasaň ýaşyňy!..

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019