Gutulgysyz haklaşyk
Başga birniň ogly ölse meýdanda,
başga birniň gyzy galsa basgyda,
diri ýitse, tapylmasa uç, derek,
ýa urulsa üýşüp aç-açan adam,
akmak bolsa, akyl etmän egilip,
türmä düşse töhmet bilen, biheppe,
eli ganlyň göni ýüzüne gelip,
ulus-ile gerek däldir, seretmez,
görmedik bor görüp duran zadyny,
ýa bilse-de, ýalňyş tutup adyny,
arasyny açar, daşdadyr örän,
o biriniň aglatsalar ejesin,
beýlekiniň gorkuzsalar kakasyn,
edaradan gelip adam öldürýän,
gybat eder goňşy-golam begenip,
dek gezsinler diýer akylly biri,
ýöne soňra eder olar çarbaýlyk,
il üçin däl, özi galjakdyr diri.