Döwlet we ýesir alnan beýni
If my soldiers were to begin to think, not one of them would remain in the army. Frederick the Great
Eger daýhan başlasady oýlanyp,
sorag berip oňaýsyzdan oňaýsyz,
a soň berlen jogap bilen oňuşman,
çykaryp içinden iki soragy,
sen olary mejbur edip bilmezdiň,
ezip hemem haky diýip goragyň,
öndüren önümin mugtuna alyp,
ölmez-ödi töleg bilen, hak bilen,
saklamazdyň uzak kapasa salyp,
kepegin, sarunyn satyp özüne,
künjarany, şugundyryň lötüni
arzan berýän diýip, bilmezdiň öwnüp,
döwlet iliň ýuka saklar beýnisin,
beýik boljak bolup bolanda ownuk.