Kireýsiz kilim
Hiç bir taksist äkitmeýär mugtuna,
mugt äkitse, eklenji ýok adamyň,
ýöne haýyş etseň, ýagdaýym şeýle,
gaýrat et, beýleki diýseň dözmese,
alyp gider adam barjak ýeriňe,
hem begener, belki, köşekli düýä,
emma sen bergili galarsyň baky,
soň ulagly bolsaň, her ýolda duran
ýolagçyny alyp gitjek bolarsyň,
gomalasyň gelip uly han ýaly,
çaga-çuga bolsa, bahana kemsiz,
pul berseler alman, puluň kän ýaly,
adam ýaly, göýä meselesi ýok,
hiç kireýsiz, belki, kakylmaz kilim,
ýöne kakan aýdyp, eselesi ýok.