Hususy dowzah

Her kim öz dowzahyn gurýar düşünmän,
hususy dowzahyn, bir özüne däl,
saljak oňa başaranyn sanaman,
sygjagyn ýa sygmajagyn biljek däl;
her kim öz dowzahyn gurýar ýaltanman,
okap gije-gündiz ýa-da okaman,
bilmän ýa öwrenmän täze bir närse,
ýöne her kes öz päline ynanýar,
gowy boljak ýaly basymrak girse,
guran dowzahyna, jaý guran ýaly,
her kim öz dowzahyn gurýar ýadaman,
her kimi gark edýär öz münen saly.

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019