Düýn we şu gün
Sen hiç haçan dolanmarsyň yzyňa,
ýaşlygyňa, düzetmäge goýberen
ýalňyşlaryň bir-ýarymyn bolmanda,
okamadyk kitaplaryň wagtynda
okap bolar, belki, maýyny tapyp,
ýa barmadyk sergileriň, görmedik
suratlaryň synlap bolar öňünde
jadylanan ýaly durup, oturyp,
diňläp bolar sazlaryňy, eý, alla,
ýene nämäň geçdim diýip deňinden,
çöregiň yzyndan ylgap barýarkam,
böregiň yzyndan ylgap barýarkam,
görüp bilmän, duýup bilmän bardygyn,
ýa ýaranjak bolup ýaramaz sürä,
dili uzyn, tanamaýan özüni
ýa bilmeýän nämedigin, nireden
haýsy pikir bilen barýanyn haýdap,
üstesine ýol ýitiren, aljyran,
akyl satýan, bolmasa-da hyrydar,
adamlardan süýşüp bilersiň gyra,
ýitirmäýin diýseň wagtyňy artyk,
emma ýalňyşlaryň düzetmek üçin,
bolmak üçin has akylly öňkiňden,
has edenli, has okgunly maksada,
sen yzyňa dolanmarsyň, ýaşlygyň,
düýnki günüň düzetmäge el bilen,
besdir, belki, ýitirmeseň şu günüň,
öz agzyňda aş gatyklap dil bilen.