Ýokardaky we sen

Ýokaryňa çykyp biri,
eýelän dek ýeri, arşy,
gep ýygnasa, gep ýaýratsa,
bir-birege goýup garşy,
bir, iki däl, kän paýratsa,
atsa iliň ýüreginden,
beýnisinden zäher okun,
galam tutan hyzmatynda,
turmasa il, durmasa il,
içden dömen alahöwren,
çakar otyr çem geleni,
meger alla ony bize,
berdi diýip özüň öwren,
özüň tana, ilden ozal,
walla, kümsük ýokaryňda,
ýazan bolup goşgy, gazal,
aýdym aýdyp, tans et diýse,
gyzyl-ýaşyl köýnek geýip,
bu netije, sebäbi sen
onuň üçin juda eýi!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024