Diwan batyry

Ýok, gykylyk syýasat däl,
syýasat däl galmagal-da,
bokurdaga bat berip kän,
haýkyrmak däl syýsat, dost,
bagyrmak däl, wägirmek däl,
gorkuzmak däl kimdir birin,
haýbat atyp, ol ederin,
bu ederin, bardym-bardym,
barmak ilki barjak ýerňe,
gelmek ilki geljek ýerňe,
ýa görkezmek geljegiňi,
söz bilen däl, işiň bilen,
gataltdykça sesiňi sen,
göreşýän dek düýşüň bilen,
öz sepiňi açarsyň, han,
başga ýagy dursun daşda,
özüňden-de gaçarsyň sen.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2022