Göýdüknama

Her bir göýdük, emel ýeten,
ösüşiň öňünde durmaz,
durjak ýaly eder ýogsa,
duran ýaly eder, heder
salar ile, basjak aşak,
emma saklap bilmez uzak,
saklan ýaly eder ýogsa,
saklar, belki, onlarça ýyl,
ýöne seret, aýdylan öň,
gumdan böwet basyp uly,
saklap bolmaz suwy, sili,
syzar, aşar dagdan ösüş,
girer ýapyk, daş galaňa,
saklap bolmaz ony daňyp,
arka berip gara güýje,
ýa-da ýalan bilen çyplak,
don geýdirip her gün täze,
sen atyňy ýa tigiriň,
ýa tankyňy, ýa-da soňky
satyn alan, aljak gämiň,
uçarlaryň bilen ony
saklamarsyň, getirersiň,
gülki bolup ýörme, ömrüň
boş, biderek ötürersiň.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024