Surat

Görmez arkasy güýçsüz

Maňa töhmet atsa sapar,
elli diýip, galam tutan,
meni türmä atsa sapar,
dilli diýip, sesi gaty,
millet, men däl garadonly,
daş guýuda çüýrediljek,
nyşana sen diýsem gülen,
ýa görmedik meniň çagam,
ýa ýüzüni sowan bolan,
çagasyny okatmadyk,
okamadyk özi asla,
ýa-da başga zady okan,
ýa düşünen öz çäginde,
indi men däl, başga dilli,
indi men däl, başga elli,
diýýär, belki, gerek sözi,
ýa galdyrýar şygarlary,
ýene töhmet atýar sapar,
ýene basýar türmä nähak,
ýöne seniň şol bir bolşuň,
busup aşak, jyklan bolup,
ýüzüň gülse, içiň gülmez,
ýa gyrada, ýa-da işli,
diliň bilen, ysmaz bolan,
duşmanyňy etseň güýçli.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024