At üstündäki jeset
Adama teselli gerek,
aklar ýaly özün, asy,
aýbygadym boldugyça,
boldugyça eli egri,
günäsini pikir etmän,
iýdigiçe iliň hakyn,
ýetim-ýesir edip halky,
etjegini edip, ahyr
gelen bolsa soňky pellä,
ýa duýdursa ýokarky han,
başga zat däl, soraýan jan,
teselli gerek adama,
gorkup hasap-hesibinden
ýalançynyň, adalatsyz,
hemem adalatly bir gün,
gylyç syryp çykýan öňden,
teselli gerek adama,
garyp ili urup-çapan,
gara nebsi gözün gapan,
ýöne indi adalatly,
sahawatly bolup dilde,
bolan bolýan aýbyn ýapan,
wah, teselli gerek oňa,
il pyýada, özi atly,
bir, iki däl, ýüzläp, belki,
ýöne belli, öňem biri
yzyn gömdi bolup tilki,
emma adam bolan bilýär,
ogry bir däl, gorkusyndan
günde ýetmiş gezek ölýär.