Surat

Soňky pelle

Eli ýetse, şarpyk çalýan, daş salýan,
dili ýetse pürkýän awy-zäherin,
o çetinde ýaşasa-da şäheriň,
dag, derýa däl, umman bolsun arada,
azap eder, yhlas eder, çydamaz,
görer sende görjek zadyn özüniň,
görer onda görjek zadyn özüniň,
hudaý kimsä çeýnäp bermez iýjegin,
dişi bolsa ýa bolmasa, parhy ýok,
gepe gitsin, ýa gitmesin, kejeňek,
açar özün diýip ähli diýjegin,
iň esasy at gazansa bolany,
gaýgy etmez düşjek, bişjegiň tabyn,
hak aýdylan, walla, soňky pellesi -
watançylyk ýüzi ýyrtyk kezzabyň.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024