Surat

Gowak adamy

Öz-özüni gowak eden biçäre,
sowuk gowak, ýylysy ýok bir jinnek,
öz-özüne sümüp giden biçäre,
ne özüni, ne başgany ýyladar,
ne giňelder seniň daralan dünýäň,
garaşma sen, baryp, gatnap ýanyna,
ýa-da durup gowagynyň agzynda,
içinde ýok odun, suwy, duz, tagam,
diýýän zadyn diýýän däldir, ynanma,
diýsin inim, diýsin dogan, jan agam,
öz-özünmi gowak eden biçäre,
öz-özüne sümüp giden biçäre,
ýolda ýoldaş bolmaz, gideli diýseň,
müň bahana, delil tapar, hemra bor,
diňe dyza çöküp, özüňi iýseň.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2022