Taýpy tanyşlar

Ömür seni gelip görmedik tanyş,
ýa-da gören iki gezek, üç gezek,
ýol ugrunda salamlaşan tötänden,
ýa garyndaş, görülmedik, bilinmez,
algy, bergi galan ýaly arada,
örän uly nägilelik bildirer,
ajysyny pürker dara-direde,
sebäbi sen onuň islän zadyny
berip bilen dälsiň kagyza dolap,
ýa bereniň az bolandyr çeninden,
ilki näme diýjegiňi bilmersiň,
ýülmek aşyk gerek taýpy millete,
kenek bolsaň, gaty göze gelmersiň.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024