1-nji maý goşgusy

Gaharly gara köpege meňzemejek bolmaly,
jabjynmajak bolmaly,
barýan köçäň käte bolsa-da doly
aljyran ýa ýol ýitiren adamdan,
çytmaly däl gaşyň uçut ýol ýaly.

Gaharly gara köpege meňzemejek bolmaly
oklaw ýaly göni bolmasa-da ýol,
ýa öňüňden çyksa saçy bulaşyk,
ýüzi ýyrtyk-ýirik, eşigi sal-sal,
ýolda ýatyp turýan, ýa-da tersine,
owadan maşynly, gowy geýinen,
onlap jaý edinen ruhy gedaý,
gahar edip, nirä bararsyň munda,
belent-pesli edip ýaratsa hudaý?

Gaharly gara köpege meňzemejek bolmaly,
bahana ýa sebäp bolsa-da ýetik,
belki, şeýle ýaşamaly adamzat,
özi öz ýoluna bolmaly petik,
gatyrak gideni oturdyp aşak,
nirde mytdygyny çekip ýokaryk,
sil öňüne daş däl, çöp-çalam daşap...

Gaharly gara köpege meňzemejek bolmaly,
jabjynmajak bolmaly,
käte sessiz aglasaň-da çydaman,
çyňsamajak bolmaly,
kä ýykylyp ýatsaň ýeriňden galman,
ýene turup bir gün öňe gitmeli,
“Item aryklygyn gurda bildirmez,
elbetde, duşmana syýasat ýagşy”
diýlenini etmeli...

“Gaýraty kem bolar gahary azyň” -
Muny Magtymguly aýdyp gidipdir.
Kim aýtsa-da, gala almarsyň gyzyp,
muny zaman, wagt subut edipdir.

Gaharly gara köpege meňzemejek bolmaly,
jabjynmajak bolmaly,
barýan ugruň käte bolsa-da doly
aljyran ýa ýol ýitiren adamdan,
olar saňa jabsynsa-da çydaman,
çytmaly däl gaşyň uçut ýol ýaly,
tersine - ýylgyrmaly...

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024