Portrete ştrih

Ol namaz okaýar bäş wagtyn yrman,
agzyny bekleýär, töwir galdyrýar,
suw içse-de, walla, yzyndan durman,
ilki salam berýär ula hem kiçä,
(salam bormuş munda iň uly perman!),
daşyndan seretseň, guwanýaň goja,
barýar öz ugruna kimsä per bermän,
ýöne ýanna barsaň, görseň, tanasaň,
ýolda ýoldaş bolsaň, tutýaň ýakaňy,
sebäbi bar zady pulda ölçeýär,
şoňa gurlan ýaly ýüregi, aňy...

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024