Aýdymyň soňy

Her iliň aýdymy bir hili ölýär,
başgaça bogulýar her iliň sazy.
Her iliň şahyry bir hili ölýär,
ýöne olaň meňzeş bolýar owazy,
agysy ölmezden öňürti aglan,
her iliň şygyry bir hili solýar,
dogulanda şahyr bagryny daglap,
başgalara hiç zat bolup görünýär,
belki görünmeýär, bilinmeýär hiç
her iliň aýdymy bir hili ölýär,
soň oňa aglamak bolýar gaty giç...

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019