Surat

Adam we alla

Mesele hiç sowatda däl, belki-de,
ýa ak-gara saýgarmakda azda-kän,
bilmekde däl hukuklaryň öwrenip,
sebäbi “A” harpyn bilsin, bilmesin,
adalaty bilýär adam bozulsa,
şarpyk degse çala, gyltyz ýüzüne,
ýa talansa günortany gündiziň,
düşünýär ol haksyzlyk bu ullakan,
emma turup, idemese düýesin,
ogurlanyp, ak takyrda soýulan,
görüp durup aç köşegin, duşagyn,
oňa derek diňe haky çagyryp,
münjek bolsa öýden çykman eşegin,
mesele hiç ynsanda däl, dünýäde,
ýazmaz alla gelmedigiň düşegin.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2022