Surat

Seniň ýoluň

Seniň göreşmegiň gerekdir ile,
ele ýarag alyp, adalat üçin,
ýa galamyň öwrüp ötgür ýaraga,
müň gezek ot alyp, müň gezek öçüp,
emma adyň gerek däldir, pikir et,
gerek däldir şan-şöhradyň hiç haçan,
ýa bolman gelmegiň adam deňinde,
söweşden dolanyp yzyňa bir gün,
dyz epmegiň köne tümmek öňünde,
bagyşla, eje jan, kaka jan diýip,
nobatadaky ikilikçi topary,
agressiw köplüge arkasyn diräp,
arka diräp bahyl ile, arkasyz,
ýüreksiz ýaşaýan, özleri ýaly,
gara çyzyk çekjek bolar ýüzüňe,
seniň göreşmegiň gerekdir ile,
hem islemez gaýdyp gelip düzüňe,
aýakýalaň ylgap ulalan, ösen,
oturmagyň uzyn salyp aýagyň,
tapawudy bolmaz kösenme, kösen.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024