Türkmen edermen
Gözellik salonynda aýalyny urýan türkmeni göremde serimden geçen pikirler
Türkmen aýalyny urýar, edermen,
öýünde däl diňe, göz edip ile,
öz ýurdunda gyrnak bolan göreşmän,
göreş näme, bilmän utulan gelni,
naçarlary nätseň bolmaýar, alla,
erkine goýberip agzyňy, elňi,
basgylanan ilde haksyz, hukuksyz,
eliňe galany urmak aýyp däl,
ejiziň öňünde durmak aýyp däl,
belki, adat, kabul edilen sessiz,
nirä gitsin, bilýär, açyk gapy ýok,
ýapyk ýurduň ýesirligi adamyň
el-aýagyn daňýar, gapýar gözüni,
türkmen aýalyny urýar, edermen,
aýdyp, diýip içde galan sözüni,
döwlet soňsuz depelände, duranda
öňün baglap etek bilen güneşiň,
türkmen urýar aýalyny gazaply,
bu onuň täk bilýän ýeri köşeşip.