Galyp

Barmyka galypdan gaçyp gutulan,
ýa-da ýeten höwesiniň yzyndan?
Ozal erkinligi küýseýär adam,
soňra laýa batan ýaly dyzyndan,
başky ýagdaýyna dönmek isleýär,
köne dostlaryny küýseýär gaty.
Barmyka galypdan gaçyp gutulan,
ýa-da çaman gelip ykbalyň aty,
hemme kerpiç bolup guýulmalymy,
bir ölçegde, bir agramda ylaýyk,
ýatmalymy güne serlip gurynça,
bişmelimi soňra haýat ýa jaýyň
diwary bolmaga örseler tekiz,
owadanlap, belki, keşde deý gaýap?
Barmyka galypdan gaçyp gutulan,
sen özüňi ondan biljekmi aýap?

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019