Gowy gullar
Gullaryň köpüsi gowy adamdyr,
gowudyrlar, wah, ýoksullar, garyplar,
çül-çagadyr, köpeljekler, galjaklar,
eger bolsa, köp jaý basyp aljaklar...
Gullaryň köpüsi gowy adamdyr,
gadym zaman basyp alnan, elbetde,
biri galan öldürilip üçüsi,
arasynda iki-ýeke baýany,
beýlekiden artyk goýny, geçisi,
baýajakdyr ýene başarsa, bolsa,
ýokardaky näme diýse, baş atyp,
täzelik däl ölse ýarysy halkyň,
beýleki ýarysy bolýar gutulsa,
gideniň yzyndan demir, daş atyp.
Gullaryň köpüsi gowy adamdyr,
gowudyr, wah, päl-niýeti, gürlese,
düşünýändir seniň goşgyňa hatda,
gürlemese, dymsa, sebäbi belli,
näme bolar, näme bomaz haýatda,
ýöne diňe heňin çalsa heňňamyň,
gaharlanma gowy gullar özlerin
heläk etse uzagyndan, zynjyry
daralýan halkany düzýär diýmeseň,
gowy olar, seniň bilen bileje,
öz salnan haltasyn büzýär diýmeseň.