Garaşma

Garaşma sen ak at münüp geljege,
ozal özüň ata çykman göwünde,
iki şaýy düşen güni eline,
iki günlük eşek münse, at münse,
il öwüner, öwünmegi öwrenen,
ýagy gelse, öz içinden, daşdan däl,
il döwüler, döwülmegi öwrenen,
sen öwünen köplük bilen öwünme,
sen döwülen köplük bilen döwülme!

Edil çaga ýaly, kagyz-galamly,
surat çekýän dünýäsini unudyp,
gaýgy etmän kimiň näme diýjegin,
eden işiň berilip et, ýürekden,
gazal ýazsaň, gazal ýazan şekilli,
kyssa ýazsaň, kyssa ýazan şekilli,
o kim, bu kim, näme diýer, aýdarlar,
ýa öňküler ýazypdyrlar nähili,
pikir etme kim okajak, kim biljek,
kim saýlajak, seçjek çäji harpykdan,
ýa garaşma bu gün, erte kim geljek,
çaga ýaly, edil kagyz-galamly,
özüň üçin çek suratyň, çekjekmi,
özüň üçin ýaz goşgyňy, ýazjakmy,
saňa näme kimiň näme diýeni,
saňa näme kimiň näme iýeni,
ýa içeni, ýa göreni gözden däl,
ýüreginden, niýetinden seredip,
eger boýy kelte bolsa boýundan,
aýdar adam hiç bolmasa oýundan,
eger satjak bolup ýazýan bolmasaň,
gara günüň üçin, ýa-da bilýäň-ä,
at üçin adamlar ýapyşar gämä,
iki, üç däl, eli ýetse has käne;
sen özüňi azat edýän mahalyň,
çykarýan mahalyň gara gowakdan,
köp adamy hyýal bilen garradan,
özüň bolup bilseň, armanyň näme?

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024