Gutulgysyzlyk
Atylan söz göni, gyşyk,
pikiriňi üýtgetmesin,
özüň hakda diýipdirler,
dünýe döräp, güýçli, ejiz,
bir-birini iýipdirler,
biri pyçak, palta bilen,
ýa daş bilen ýaralasa,
beýlekisi zäher ýaly,
sözi bilen ýaralapdyr,
başga zady başarmadyk,
sözi bilen garalapdyr,
gözi bilen garalapdyr,
belki, niýet gara bolup,
dowam edýär söweş baky,
atylan söz gyşyk, göni,
sowa geçsin, alma beýnä,
ýüregiňe - iň esasy,
näme et sen, näme etme,
hiç şübhe ýok, borsuň asy.