Adam we çörek

Sen içiňi dökmezden öň adama,
iki sözde bolsun, on sözde bolsun,
tana onuň kimdigini azda-kän,
gepiň syzsa bolşy ýaly, owarram,
bolmasyn ol seýfi döwülen dükan,
nagtyna däl, nesýe berip harydyn,
dogry, gürrüň gerek, erteki gerek,
her adama, belki, özüne görä,
gerek bolsa hatda ýykylar derek,
sen adama seret göýä bir tamdyr,
hem gyzmasa ýapma, bişirmez çörek.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024