Seniň hakykatyň
Eger-de sen hakykatyň
taýak bilen, türme bilen,
açlyk bilen subut etseň,
boýna daksaň, has dogrusy,
gaş ýerine sürme bilen,
prokuror, garalawçy
ogry bolsa boýdan-başa,
bagşy, ozan tozan bolsa,
hakykatçy dälsiň asla,
dälsiň düzüw özüňe-de,
hem bilýänsiň sylaýanyň
gorkusyndan bagyrýanyn,
şöhrat diýip, diýip öňe,
eger-de seň hakykatyň
mätäçligi bolsa iliň,
köşgüň bolsun näçe uly,
dar görüner ömrüň boýy,
baý bolmarsyň, garyp borsuň,
näçe uly tutsaň toýy.