Halk we adalat
Ýagşy tutawergil niýetiň-päliň. Magtymguly
Döwlet döwýär adamlaryň başyny,
gana boýap halkyň gözün, gaşyny,
gemirýär ol kellesini milletiň,
diýdi biri düwüp goşa ýumrugyn;
beýlekisi diýdi: döwlet neýlesin,
ýesir düşse düzgün näme bilmeýän,
döwlet näme, düşünmejek mähellä,
ýüzlerçe ýyl biri-birin ýigrenip,
çozup, çapyp, talap bilse eselen,
okap, diplom alyp, uly ýa kiçi,
emel ýetse, soňuna çen peselen,
adamlardyr döwlet edýän döwleti,
ýa-da jellat bolýan döwlet işinde,
düzüw gerek iliň päli, niýeti.