Ruhy mesele
Sag bolmasa, gürleşilmez, gaçylar,
doganyňam bolsa, sözüň zaýalap,
düşünersiň, jan çekeniň biderek,
bir sözüň az bolar, ikisi artyk,
bir ýarymyn tapsaň, saçakda arak,
börek goýsaň, soňra çekdirseň neşe,
ýaranmarsyň salyp ýanyna gitse,
sesini çykarmaz, emma içinden
gazap bilen gargar, gözleri açdyr,
şükür et sen, daşdan kesek zyňsalar,
ýakyn ýakyn gelse, iýjegiň daşdyr.