Halk çözgüdi

Olaryň çözgüdi çykmady dogry,
içde, daşda hammal bolmak, bukulmak,
gowy adam bolan bolmak, bükülmek,
näletlense halkym diýen aç-açan,
dönük diýip, golaýyndan çekilmek,
gazan ýaly, ýokjak göýä garasy,
ýaman ýaly, ýokjak bitmez ýarasy,
syýasatdan daşda durmak, ýeserlik
gutarmady, ekletmedi maşgala,
maýyp etdi, müjrüp etdi tersine,
içde öldi, daşda öldi kösenip,
aman galan, ýat illerde ýer sermäp,
şükür etdi öýe atsa süýrenip,
ýüze sylyp köne, döwük kerseni,
ýurdum diýip, aglap bagryna basdy,
eziji zor çykdy ilki açlykdan,
soňra aýralykdan dar dikip, asdy.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024