Gitaranyň gapdalynda hiňlenme
Meň söweşim seň söweşiň dälmidi?
Meň ýeňişim seň ýeňişiň dälmidi?
Dälmi meniň ýeňilişim seniňki,
neden sandyň göreş diňe meniňki?
Men sözümi aýtjak bolup urundym,
sen garaşdyň ne bolarka soň diýip.
Men gözümi açjak bolup urundym,
sen gözüňi ýumduň berlenin iýip...
Meň söweşim seň söweşiň dälmidi?
Meň ýeňişim seň ýeňişiň dälmidi?
Dälmi meniň gözýaşlarym seniňki,
neden sandyň türme diňe meniňki?
Men bilenim ýazjak boldum çytraşyp,
ulus iliň derdin, bir özümiň däl.
Sen gyrada durup, güldürdiň gaşyň,
dursaňam, gitseňem belli bolar päl.
Meň söweşim seň söweşiň dälmidi?
Meň ýeňişim seň ýeňişiň dälmidi?
Dälmi meniň gaçgaklygym seniňki,
neden sandyň ölüm diňe meniňki?
()