Ogurlanan durmuş

Adam gaçýar adamlardan, parhy ýok,
ýakynmy, ýat, ynanmaýar hiç kime,
ýa o diýen mantykly däl tanyşlar,
o döwürler geçdi, adam ýerine
telefonlar geldi akylly örän,
adamy adamdan aldylar olar,
dosty-ýardan, söhbetlerden tükenmez,
ýary-ýardan, hatda düşekde gije,
baş ýassykdaş boldy telefon süýji,
çagany ejeden aldy telefon,
ogurlady oýunjakdan, oýundan,
ýaş gelinler, bäbeklerin gezdirýän,
parka çykyp, arabaly owadan,
çagasyndan has eziz dek, gözlerin
telefondan aýyrmagy başarmaz,
çopany goýundan çildiler olar,
nämemişin, berýär dünýäň habaryn,
ýalanmy, çyn, bu bir başga mesele,
mundan öňem çylşyrymly bu sorag,
indi telefonyň açsaň ýeterlik,
okap bolýar iň soňkusyn habaryň,
gaýdyp bolýar yza ençeme ýyllap,
Google edip bolýar sorag dörese,
tapyp bolýar düýp özenin meseläň,
dürli çeşmeleri görüp, seljerip,
ýa haýsy din haýsysyndan çilindi,
dogry, kelle gerek baryna gowy,
azaşybam bolýar ýoluň başynda,
ortasynda, aýagynda, aam bolsaň,
bu mesele çylşyrymly ozalam,
gürleseň diňleýär, isleseň ýazýar,
suratyňy alýar, gülseň ýürekden,
ýa ýasama, özüň üçin, il üçin,
ýaz bolup ýa çalajadan ýylgyrsaň,
ýa-da ýylgyrmasaň, çytsaň gaşyňy,
ýa kämahal çydamasaň, adam sen,
adamlara sögüp bolýar bukulyp,
ýa bukulman, görüp diliň keýpini,
gije ýatman gep harmanyn galdyrsaň,
işsiz, netijesiz, mantyksyz dostlar,
çozup geler ýagly çörek tapan dek,
jigirdekli çörek, student wagty,
ýa öwünip bolýar, göwün islegiň
hakykat edinip, gaýtalap sesli,
iýeniň, içeniň, gezen ýerleriň,
müneniň, guçanyň mazamalap açyk,
yzlap bolýar kim kim bilen hylwatda,
indi biri daşyn dolap, getirip,
bermeli däl başgaň işin sowgat dek,
ýa başganyň saňa atan daşyny,
adam gaçýar adamlardan, ýekeçäk
ýaşajak ol, meger, galan ýaşyny,
hem goşuljak durmuşyna başganyň,
ýene bir hakykat, boýun almaly,
telefonam başarmady almagy
ogry döwlet ärlerini özünden,
kesbi-käri talaň, ýalan bolanlar
öwrenilen gylygyndan galmady,
olar galdy gurluşyga daňylyp,
wah, ýene-de garyp ile bolmady.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024