Adam we oýun

Diniň diňe oýundygyn bilýänler,
iman donun geýer bezäp, beslenip,
ýeri gelsin, ýa gelmesin, parhy ýok,
hudaýhon bor, gazan gyzsa seslenip.

Dindar bardyr, sahna çykan mysaly,
damak ýyrtar halallygyň adyndan,
emma bilmeýänler, düşünmeýänler,
gorky edip ertir dowzah odundan,
gider hatda deň bolmadyk söweşe,
alla seniň tarapyňda diýseler,
diniň diňe oýundygyny bilýänler,
yzda galyp, hezil eder iýseler,
içseler hem başga dünýä garaşman,
hüýri-gulman gözelleri guçsalar,
bilmeýänler bilerler soň kim näme,
düşünerler adam näme azanda,
ýöne muny bilseň gowy wagtynda,
atarylman ody ýeten gazanda.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024