Tobasyz halk

M.Myratla

Aýlandyk biz oba-oba,
adam çykýan öý-işigiň
gapysyny kakyp assa,
diýdik: Şu gün galkynmasak,
bolup galýas ertir hassa!

Diýdiler: Ýok, garaşalyň,
düzelmezmi öz-özünden,
gowy bolar, belki, soňy,
birki ýyldan, ýa bu ölse,
gowuragy gelip ýerne,
olar, göýä, bişen gawun,
a biz entek türşek, terne.

Belki, bardyr, bolar ýene
aýlanýanlar oba-oba,
ýöne şindem garaşalyň
diýýän köplük, etmän toba,
üstesine hajy boljak,
ýolup bilse, ýoljak, aljak.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2022