Gep ýassygy
Sen milletiň ertirini,
gelejegin gaýgy etseň,
aýtsaň, diýseň bileniňi,
diýer olar bary ýalan,
ilki bilen aýlyk alan,
para alan, belki, uly,
ýa aýlykdan kesilenler,
ýa umydy işli bolmak,
dişli bolmak ertir ýiti,
päl-niýetiň açyk bolsa,
işik ýaly, ýapylmaly,
ýa ýaparlar üýşüp itip,
ýa-da müşgül bolar galmak,
durmak aýak üstünde kän,
aç milleti, meçew berip,
küşgürerler saňa bakan,
hem özüne garşy-garşy,
eger bolsa çekip, ýykyp,
gaçyrarlar aşak arşy.
Diýer olar bary ýalan,
ýa-da bolar eşitmedik,
hem görmedik delilleriň,
sen nirede, näme diýýäň,
gerek däldir iliňe hiç,
ýa gerekdir azajyk giç,
mamla bolar kürsi alan,
ýa-da indi aljak bolýan,
sen iliňi gaýgy etseň,
gep ýassygy bolup galýaň.