Pikir etme

Çöp-çalam hakynda
ýol-yzda duşan,
köp pikir etme,
pikir etme gürmek hakda,
pikir etme gyzgan hakda,
ýandak, demirtiken hakda,
akbaş hakda, syrkyn hakda,
sary çyrmaşyk hakynda
aýagyňdan aslyşan,
syýyňdan tutup galan,
az pikir et başarsaň,
bilseň bolar olary,
ýatlasaň bolar käte,
bardygyny unutmasaň
aslyşjagyň, ýykjaklaryň,
ýöne pikir etme kän,
geçeňden soň üstünden,
olar aslyşman nätsin,
kakaý ýöne üstüň sen!

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019