Daga ýaplan
Daga ýaplan, daşa ýaplan,
ýa agaja ýaplan dagyň başynda,
ýykyljak haýata, kesekden salnan,
ýaplanma asla, aýny ýaşyňda,
hatda mermer bilen gurşalan bolsa,
ýa altyn çaýylan bolsa daşyna,
ýykyljak haýata ýaplanma bilseň,
gynanarsyň gapyl, astynda ölseň.
Dagy tana, depejige aldanma,
daşy tana, kesejige aldanma.
Dag özün güjeňläp, göze çöp atmaz,
suw akar, daş galar, suw bilen akmaz.
Emma dag görünmek isleýän depe,
ýa daş bolsam diýip ýatmaýan kesek,
aňsyz çaga tapsa, gep goşup gepe,
gürlär otyr soňsuz, diýmeseň “bes et!”
Oka, öwren, bilime git, ýagta git,
diýdi-diýdä gitme, garaňka gitme.
Gitme özün öwen çüýrügiň ýanna,
öz-özüňi arzanlatma, mugt satma,
öz gözüňi ulan agy görmäge,
öz beýniňi ulan bilmäge ýoly,
özüňden egsigiň çukurna batma,
daga ýaplan, daşa ýaplan,
ýykyljak haýatyň dübünde ýatma!
()