Nowruzdan soňky oýlanma
Köpi gören ak sakgally gojalar,
ak gyňaç eneler, mährem ejeler,
göze doly, baýdak ýaly gelinler,
gyzyl-ýaşyl ketenili gözeller,
ýa ýigitler bedew ata atlanan,
gupbalyja, tahýalyja çagalar –
gowu-la bular.
Aýdym-saz gowu-la,
gowu-la toýlar,
gowu-la türkmeniň ala köpegi,
düýeýüň saçagy, tamdyr çöregi.
Türkmen gyzyl açdyr şular bolmasa,
bal bolsa-da gije-gündiz höregi.
Ýöne ýaman bular ýalanyň ýa-da
ýamanyň ýüzüni örtmäge perde,
ýaşyrmaga ýapgy ediljek bolsa,
çydamak kyn maňa bu agyr derde...
()