Özüň bolmagyň agysy

Ýok, ýeňil bolmady men bolmak maňa,
agyr boldy, agyr boldy, dogrusy.
Ýöne men şonda-da başga boljak däl,
boljak däl men öz menimiň ogrusy.

Ýok, men başga bolmak islämok asla,
daş obaly, garyp mollumdy atam.
Kompartiýa girip, “ösjek” bolmady,
ýa sen bir “ösewer” diýmedi ýadap.

Ýok, men başga biri bolmak islämok,
ýa islämok başga bir iş etmegi.
Bir galamym bolsa besdir elimde,
hemem suwa basyp iýsem ekmegi.

Dogry, käte iki bölünýän, göýä
bir göwrede iki adam mysaly.
Bir bölegim diýýär bagyşlama hiç,
beýlekisi diýýär dowam et ýoly.

Ýok, men başga biri bolmak islämok,
ýöne käte tanap bilemok özüm.
Şeýle bir ýurdumy göresim gelýär,
şeýle bir ýaş edip aglaýar gözüm...

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024