Kyn sorag

Çukura gaçana ýa ýykylana,
kömek etjek bolup eliň uzatsaň,
ol elini bermese,
çukurdan çykmaga çekinse, gorksa,
ýa ýatan ýerine höwrügip aşa,
besdir maňa şu çukur,
şu ýerim bolýar diýse,
näme etmeli?
Soň çukura gaçan, ýykylan görseň,
kömek etmek üçin ýoluňdan galyp,
eliň uzatmalymy
ýa-da görmän gitmeli?

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024