Tikenli sim

Tikenli simi gysymlap,
gyrjak bolup dyrjaşsaň,
tiken eliňi dilip,
ýüregiňe sanjylar:
“Çek – diýip – yza eliň!”

Tikenli simden egilip,
seresap boup geçseň,
ýa-da aýlansaň daşdan,
ol seniň eliňi, aýaňy böwsüp,
papagyňy guma gaçyrmaz başdan.

Şondan ony gyrjak bolýan az indi,
gerek bolsa durup, sütün bolýan köp.
Tikenli sim deň garaýar adama,
garamy-ak, aýal-erkek, baý-garyp,
gowy görýär sütün bolsa ýadaman,
ýöne gaçsaň el-aýagyň agyryp,
ýa-da gyrjak bolsaň aslyşyp, dartyp,
tikenli sim seni persala eder,
çem gelen ýeriňden sünjülip, batyp...

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024