Pully türkmeniň maslahaty
Barly türkmen diýdi: “Otlyň yzyndan,
näme möhüm, ýetjek bolup ylgaňda?”
Diýdim: “Ylgamakmy bar güýjüň bilen?”
Diýdi: “Ýük bolmasyn arkaňda, aňda!”
“Ýene näme möhüm, aýdaly, otly
barha ara açyp barýar, ýetdirmän?”
Egnimi ýygyrdym: “Bilmedim, walla...”
Ol diýdi: “Ylgamak ýene-de durman!”
Soňra diýdi: “Diňe otlyny görýäň,
unudýaň dünýäde başga bar zady!”
Soradym: “Perronda kän bolsa adam,
çagalar, aýallar gaçyrsa bady?..”
“Aýtmadymmy? Ýük bolmasyn arkaňda,
otly bolsun pikir-huşuňda diňe!
Unut çaga-çuga, garry-gurtyny,
garynja deý basyp, ylga sen öňe!”
“O nähili bolýar? Näme diýerler?”
Barly türkmen agzym tutdy gepletmän:
“Näme diýerleri” zyňmasaň ýolda,
otludan ömürlik galarsyň ýetmän!”
“Maňa beýle otly derkar däl, ýalňyz,
gözden düşüp, galjak bolsam çolaryp...”
“Sen ýeke bolmarsyň otla müneňseň,
basalap geçenleň geler ýylgyryp...”
()