Goşgy küje, men küje?

Goşgy hemme üçin ýazylmaz, bolmaz,
ýazaýyn diýseňem, çykmaz ol beýle.
Goşgy düşünjegiň höregi diňe,
hem oňa düşünjek kän däldir şeýle.

Dogry, goşgy bolmaz her dört setirden,
ýasap bolmaz ony ýasaýyn diýip;
Özüňe zor salyp agşam ýa irden,
ýa ýazmarsyň ony palawdan doýup...

Goşgy senden sorap durmaz gelende,
ýa seretmez barmy kagyz-galamyň;
Ony görjek, garşy aljak bolaňda,
ör tur taşlap ownuk, iri ýalanyň!

Goşgy hemme üçin ýazylmaz, bolmaz,
ýöne hemmäň goşgusy bar özüçe.
Ýok, men muny goşgy diýip ýazmadym,
has dogrusy, goşgy küje, men küje?

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024